gazagystanda-kowid-19-a-garsy-erli-sanjym-ulanylmaga-baslandy

Gazagystanda kowid-19-a garşy ýerli sanjym ulanylmaga başlandy

Gazagystanda koronawirus ýokanç keseline garşy göreş çäginde ýerli sanjym “QazVak” Saglygy goraýyş ministri Alekseý Tsoýa edildi.

26 Nisan 2021 12:11

Gazagystanyñ saglygy goraýyş ministri Alekseý Tsoýa paýtagt Nursoltanda orun alýan 9 belgili saglyk merkezinde kowid-19-a garşy ýerli sanjym “QazVak”-yñ 1-nji dozasy edildi.

Sanjymdan soñ özüni gowy duýýandygyny bellän ministr Tsoý, ýurtda şugünden başlap köpçülikleýin sanjyma başlanandygyny habar berdi.

Saglygy goraýyş ministri Tsoý Gazagystan Biologiki Howpsuzlygy Barlag instituty tarapyndan işlenip düzülen “QazVak” ýerli sanjymynyň ilkinji tapgyrda 50 müñ dozasynyñ öndürilendigini we sebitlere paýlanandygyny habar berdi.

Sanjymyñ dozasyny köpeltmek üçin dürli önümçilik firmalary bilen gepleşikler geçirýändiklerini bellän Tsoý: "Bu ugurda türk hyzmatdaşlarymyzyň tejribelerini ara alýarys" -diýdi.

Saglygy goraýyş ministri Tsoý, Gazagystanyñ dünýäde koronawirus epidemiýa garşy göreş çäginde öz mümkünçilikleri bilen ýerli sanjym öndüren 5 ýurtdan biri bolandygyna ünsi çekip  ozaldan ýerli sanjym QazVak-yñ ölen wirusa esaslanýan usul bilen taýýarlanan inaktiw sanjym bolandygyny we howpsuzdygyny subut edilendigini mälim etdi.

Sanjymyñ 2-nji dozasy 21 gün geçeninden soñ ediljek QazVak sanjymy goramak üçin ýörite sowadyş ulgamyna ätiýaç duýulanok.

Habarlar