
19 Mayıs 2021 13:23
Halkara Türk Akademiyasy tarapyndan neşir edilen 600 sahypalyk kitapda 40-a golaý Türki halklaryñ yrymlary we sözleri orun alýar.
Paýtagt Nursoltanda ýerleşýän Milli Akademiýa Kitaphananyñ binasynda gurnalan dabara Gazagyztanyñ döwlet sekretary Krymbek Köşerbaýew, Halkara Türk Akademiýanyñ başlygy Darhan Kydyrali, Bilim ministri Ashat Aýmagametow, daşary işler ministriñ birinji orunbasary Şahrat Nuruşew bilen köp sanda deputatlar, bilim adamlary we köpçülikleyin habar beriş serişdeleriñ wekilleri gatnaşdy.
Dabarada çykyş eden döwlet sekretary Krymbek Köşerbaýew bu kitabyñ Türk dünýäsi üçin uly ähmiýete eýe bolandygyna ünsi çekip Adil Ahmedowyñ köp ýyllaryñ dowamynda eden yhlasly zähmetiniñ netijesinde Türki halklarynyň ýaşaýyş durmuşynda mukaddes orny eýeleýän däp-dessyrlar we yrymlaryñ ylmy häsiýete eýe bolandygyny aýtdy.
Adil Ahmedow hem eden çykyşynda 30 ýyllap üstünde yhlas bilen işlän eseriniñ kitap görnüşinde neşir edilmeginden begenýändigini belläp: “Yrym diýýän zadymyz, adamlaryň durmuş ýoludyr. Bu kyn tema emma gaty möhüm. Şonuň üçin bu kitapda Ýakutiýadan Gagauz Türklerine çenli ähli türki halklarynyň yrym däpleri mysallar bilen gürrüñ berilýär”-diýdi.
Ahmedow şeyle-de kitabyndan çagalar bagyndaky çagalardan ýokary okuw mekteplerdäki talyplara çenli hemmeleriñ peýdalanyp biljekdigini aýtdy.
Dabarada Adil Ahmedowyñ indianesleriñ Türk asylly bolandyklary barasynda ýazan “ Gadymy Amerikan indianesleriñ Altaý Kökleri” we “ Asryñ sapaklary” atly kitaplarynyñ hem tanyşdyrylyşy boldy.