gazagystandaky-bu-ratau-milli-se-ilg-hi-tebigy-gozelligi-bilen-jahankesdeleri

Gazagystandaky “Buýratau” milli seýilgähi tebigy gözelligi bilen jahankeşdeleri özüne çekýär

Gazagystandaky “Buýratau” milli seýilgähi, gaýalary we ýer eýeçiligi edýän ýabany haýwanlary bilen jahankeşdeleri özüne çekýär.

05 Mayıs 2021 22:41

“Buýratau” milli seýilgähi, Gazagystanyñ paýtagty Nur-soltana 135 kilometr uzaklykda orun alýar. 2011-nji ýylda tebigy goraghana statusy bilen döredilen bu seýilgäh takmynan 89 müñ gektar meýdany tutýar.

Milli seýilgäh, güýçli şemaldan emele gelen gatlak görnüşindäki gaýalary we haýwanat dünýäsi ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Seýilgähdäki tapawutly ululykda bolan 16  gaýa depäniñ bolan sebite “ bürgütler sebiti” diýilýär. Gadymy döwürlerden bäri bu sebitdäki gaýalaryñ depelerine bürgüt, laçyn ýaly ýyrtyjy guşlaryñ höwürtge gurýandygy bilinýär.

Žau Şoky (duşman depesi) gaýasy bolsa, gaýanyň gyrasynda surata düşmek isleýänleriñ ýygy-ýygydan gelýän ýere öwrüldi. Takmynan beýikligi 450 metre ýetýän bu gaýa, alpinistler üçin daga dyrmyşmak üçin hem ulanylýar.

Seýilgähiň çäginde Gadymy bürünç we Saka döwrüne degişli gadymy gonamçylyklar we "balbal daş" heýkelleriniñ bolan açyk howa muzeýi hem bar.

Seýilgähde arhar, gyzyl sugun, möjek, tilki we marmot ýaly ýabany haýwanlaryň ýaşaýan seýilgähinde 400 gektar tebigy ýaşaýyş mekany bar.

Çar tarapy sosna we gaýa agaçlarynyñ gurşaýan bu seýilgähde guşlaryň 20-si  seýrek duş gelýän görnüşleri bolmak bilen jemi 160 görnüşi ýaşaýar we 250 sany şypaly  ösümlik görnüşi ýetişýär.

Seýilgähiň çägindäki köllerde bolsa pelikanlary,durnalary, we ak guwlary görmek bolýar.

Gije-gündiz hususy topar tarapyndan goralýan seýilgähe rugsatnama alynandan soñ girip bolýar.

Habarlar