
03 Temmuz 2021 18:56
Çaryn kanýonyñ uzynlygy 100 kilometre barabar bolup ondan Kegen etrabyndaky Ketmen dag gerşiniň eňňidinden başlanýan Çaryn derýasy akýar.
Asyrlar boýy gaýalardan geçip özüne ýol edinýän Çaryn kanýony, köp syrlary özünde jemleýär.
Kanýonyñ iñ meşhur ýerlerinden biri "Gala jülgesidir." Bu ýerde açyk howada adam we haýwan şekiller we toýun gurluşlaryna meňzeýän ,daş heýkelleriň müzeýi sergilenýär.
Şuňa meňzeş peýzažlar dünýäniň diňe birnäçe ýerinde saklanyp galypdyr. Bu ýer botanika, zoologiki, arheologiýa we paleontologiýa taýdan örän gymmatly tebigy toplumdyr.
Deñi taýy bolmaýan bu tebigy gurluşugyñ goralyp saklanmagy üçin 2004-nji ýylyñ fewral aýynda Çaryn sebitinde Milli tebigy seýilgäh döredildi.
Almaty şäheriniñ iñ esasy syýahatçylyk ýerlerinden biri bolan Çaryn kanýony, gelen ýerli we daşary ýurtly jahankeşdeleri özüne bendi edýär.