
17 Temmuz 2021 23:31
Alaköl, orta gündogar Gazagystan sebitinde, Almaty we Gündogar Gazagystan welaýatlaryndan geçýän bir köldir. Köl, denizden 347 metr beýiklikde orun alýar. Jungar Alataunyñ demirgazyk gündogarynda orun alýan bu duzly köl mineral duzlar we kükürt palçyklary bilen meşhurdyr.
Bulardan başga-da kölüň boýunda 35 km uzap gidýän guş adasyna uçup gelýän flamingo we 40 guş görnüşini görmek bolýar.
Alaköl Milli Seýilgähi, Tentek derýasynyñ we Alaköl adadaky seýrek duş gelýän haýwanlary goramak üçin guruldy. Almaty welaýatynyñ Alaköl we Urçar sebitlerinde orun alýan seýilgähiñ umumy meýdany 20743 gektardyr.
Gazagystanda tomus paslynyñ parlayan ýyldyzy bolan Alaköl köli ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryñ ünsüni özüne çekýär.