gazagystany-merjeni-kolsa-kolleri

Gazagystanyň merjeni: Kolsaý kölleri

Almaty şäherinden 330 km uzaklykda orun alýan Kolsaý kölleri tebigaty söýýänleri özüne çekýär.

09 Temmuz 2021 20:59

Almaty şäherinde hökmany görülmeli tebigy gözelliklerinden biri Kolsaý kölleridir. Kolsaý Kölleri Milli Seýilgähi, Gazagystan Respublikasy hökümetiniñ 2007-nji ýylyñ 7-nji fewralynda kabul eden karary bilen döredildi. Milli seýilgähiñ umumy meýdany 161 müñ 45 gektardyr.

Gaýalar, giň ýaprakly tokaýlar, daglar we çemenlikler bilen gurşalan bu köller, owadanlygy we zeper görmedik tebigaty bilen gelýänleri haýran galdyrýar.

Milli seýilgäh, ýüzmek, balyk tutmak, gezelenç etmek we at münmek, gyş paslynda bolsa lyžada typmak ýaly çäreler üçin köp mümkinçilikleri döredýär.

Kolsaý kölleride gaýyk bilen gezelenç etmek hem mümkin. Tebigatyň bu özüne çekiji künjegi Demirgazyk Týan Şan daglarynyñ etegindäki kölleriň göm gök akarsuwudyr.

 

Habarlar