gazagystany-tebigy-t-sinligi-uly-almaty-koli

Gazagystanyň tebigy täsinligi: Uly Almaty köli

Uly Almaty köli deñizden 2510 metr beýiklikde, Almaty şäherinden bolsa 15 km günortada orun alýar.

24 Temmuz 2021 20:22

Köliñ uzunlygy 1,6 km, ini 0,75-1 kmdir. Kenarýaka uzynlygy 3 km, çuňlugy bolsa 30-40 m.

Köl iň ýokary suw derejesine awgust aýynda, iň pes  derejesine bolsa fewral aýynda ýetýär.

Uly Almaty köli “ Alatau” Millli seýilgähiñ bir bölegi bolup Týan-şan daglarynda orun alýan kölleriñ uly bölümi ýaly ýer titremesinden soñ ýüze çykypdyr.

Köliñ demirgazyk ujundan görünýän üç sany esasy depe bar: günorta-gündogarda “Kenes Depesi” (4317 m), günortada “Köl depesi” (4110 m) we kölüň günorta-günbatarynda bolsa “Syýahatçylyk depesi” (3954 m)

Uly Almaty kölüniň reňki güniñ tapawutly wagtynda açyk ýaşyl reňkden firuza gök reňkine öwrülýär.

Alatau Milli seýilgähinde orun alýan Uly Almaty köli her möwsümde arassa howasy, ýap ýaşyl tebigaty we ajap daglarynyñ görki bilen ýerli we daşary ýurtly jahankeşdeleriñ ünsini özüne çekýär.

Habarlar