
11 Haziran 2021 20:09
Gorkut ata, dünýä belli bolan ähli bagşylaryñ atasydyr. Onuñ adatdan daşary hünärleri bardy. Gopuz çalar, gaýduwsuzlyk, mertlik, edermenlik, hakyky söýgi we watançylyk hakda hekaýalar gürrüñ berer.
Köp ýyllap ýaşandygy barada rowaýat edilýär. Ol gopuzy ilkinji ýasan we çalandyr. Bilim adamlary okuwlarynda oňa "Dädem Gorkut" diýip ýüzlenýärler.
Gorkut atanyñ durmuşy barasynda taryhy çeşmelerde tapawutly maglumatlar bar. Käbir çeşmelerde oguzlaryň Kaýy taýpasyndan, käbirlerinde bolsa Baýat taýpasyndan bolandygy aýdylýar.
“Gorkut ata” şadessany örän gadymy eserdir. Onda ata-babalarymyzyň ýaş nesle edep-terbiýe berşiniň edebi ýazgysy berilýär. Nesilme-nesil gelýän bu ýazgylar häzirki wagtda-da çuhhur many-mazmuna eýeligi bilen terbiýe işinde gerekli edebi hazynadyr.
Gorkut ata şadessanynda şygyrlar diňe bir derde derman tapmak üçin däl, eýsem şatlykly habarlary paýlaşmak, buşlamak, buşluk sözleri üçin hem ulanylypdyr.
“Gorkut Ata” şadessanynda Oguz türkleriñ ýaşaýyş durmuşy, ykdysadyýeti, ynançlary, geýimleri, ýaşaýan ýerleri ýaly köp mowzukda maglumat berilýär.
Zamanamyza gelip ýeten “Gorkut Ata” şadessanynyñ iki golýazma nusgasynyň biri Germaniýanyň Drezden kitaphanasynda, beýlekisi bolsa Watikanyň kitaphanasynda sergilenýär.
Azerbaýjan we Anadolyda Gorkut Atanyñ gubury bolandygyna ynanylýan kümmetler bar. Gyrgyz, Gazak, Karakalpak we Türkmenler tarapyndan zyýarat edilýän we Gorkut Atanyñ gubury diýip bilinýän aramgäh hem bar.