gyrgyz-halkyny-milli-bas-ge-imi-ak-kalpak-telpek

Gyrgyz halkynyñ milli baş geýimi: Ak kalpak (Telpek)

Týan Şan daglarynyň garly depelerini ýada salýan Ak Kalpak, gyrgyz halkynyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär.

23 Temmuz 2021 18:00

Kalpak, ak keçeden ýasalýar we zamanamyzda gyrgyz erkekleriñ milli baş geýimidir. Kalparyñ ýüzündäki her bir nagyşyñ özboluşly pelsepesi bar.

Kalpagyñ çur depesi birbirine bağlanan dört bölekden emele gelýär. Bu dört bölek ýaradylyşyň dört esasy düzümini alamatlandyrýar: ot, suw, howa we ýer. Ynsan durmuşynyň esasyny emele getirýän bu dört maddanyň kalpakda birleşmeği ony baş üstünde göterme borjuny getirýär.

Gyrgyz halky üçin kalpak mukaddesdir şol sebäpdenem hemişe arassa bolmaly. Hiç haçan ýere zyñylmaz. Eýesiniñ geýen kalpagy başgasyna sowgat edilmez. Myhmançylyga gidilende kalpagy asmak üçin ýer bolmasa eýesiniñ baş ujunda goýlar.

Ak kalpak, garly Týan şan daglaryny hem alamatlandyrýar. Manas dessanynda Gyrgyzlar “ ak kalpak geýen halk” diýip taryplanýar.

Gyrgyzystanda 2011-nji ýyldan bäri her ýylyñ 5-nji martynda “Ak Kalpak” güni uludan bellenýär.

Habarlar