gyrgyz-halkyny-milli-eposy-manas-eposy

Gyrgyz halkynyñ milli eposy: Manas Eposy

Dünýäniñ iñ uzyn eposy hökmünde häsiýetlendirilen Manas eposy nesilden-nesle geçip gelýär.

17 Temmuz 2021 22:30

Manas eposy, dünýädäki iň uly we iň baý epos hökmünde tanalýar. Bir ensiklopediýa bolan bu epos üç esasy bölümden emele gelýär. 1-nji bölümiñ ady Manas. Bu bölümde Manasyñ daşarky düşmanlara garşy söweşi we gyrgyz halkynyñ azatlyk söweşi gürrüñ berilýär. 2-nji bölümde Manasyñ ogly Semeteýiñ gahrymanlyklary, 3-nji bölümde bolsa Manasyñ agtygy Seýtekiñ durmuşy gürrüñ berilýär. Eposyñ Semeteý we Seýtek bölümlerinde Gyrgyzlaryñ arasyndaky doganlyk göreşleriñ çuññur yzlary görülýär.

Manas eposda ýygy ýygydan Türk taýpalarynyň arasynda agzybirligiň we raýdaşlygyň ähmiýeti nygtalýar. Eposda Gyrgyz milletiñ däp-dessurlary, ynançlary, ýaşaýyş durmuşy, geografiýa, döwlet gurmak däbi, maddy we ruhy gymmatlyklary barada jikme-jik maglumat berilýär.

Manas, iñ uly epos hökmünde Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabynda we ÝUNESKO-nyñ bütindünýä miras sanawynda orun alýar. Manas eposyñ ÝUNESKO-nyñ bütindünýä miras sanawyna bellige alynan 4-nji dekabr Gyrgyzystanda “ Manas Eposy” güni diýip bellenýär.

Manas eposyny beýleki eposlardan tapawutlandyrýan aýratynlygy eposyñ henizem janly bolmagy. Gyrgyzystanda Manas eposy dilden dile, nesilden nesle geçirýän adamlara “ Manasçy” diýilýär.

Habarlar