gyrgyzystanda-garahanlylardan-miras-galan-binag-rlik-t-sinlikler

Gyrgyzystanda Garahanlylardan miras galan binagärlik täsinlikler

Merkezi Aziýada müñ ýyl ozal Yslam dinini kabul eden ilkinji Türk döwleti bolan Garahanlylar döwründen miras galan mynara, diñ we kümmetler döwriñ medeniýeti we binagärligi barasynda maglumat berip ünsleri özüne çekýär.

28 Mayıs 2021 21:51

Özgen şäheriñ merkezinde Garahanlylardan miras galan gyzyl kerpiçlerden ýasalan Özgen Mynara 27,4 metr beýiklikde.

Fergana jülgesiniñ gündogarynda Gara derýanyñ kenarynda orun alýan Arheologik Açyk Howa Muzeý Toplumynda orun alýan mynara bolsa gadymy ýüpek ýolunyñ ugrunda orun alýar. Mynaranyñ orun  alýan sebitde kerpiçden ýasalan ýapyk äpet bir kümmet ünsleri özüne çekýär.

Üç bölümli we bölümi we bir girelgeli bolan bu kümmetiñ Garahanly  döwründe hökümdarlara, maşgalalaryna we meşhur adamlara degişli bolandygy çak edilýär. Bu ýerde edilen arheologik gazuw-agtaryş işlerinde müñ ýyl ozala daýanýan 60-a golaý adam jesetleri tapyldy.

Habarlar