
02 Temmuz 2021 19:36
Naryn welaýatynyñ demirgazygynda orun alýan Son köli, Gyrgyzystanyñ 2-nji uly ýapyk dag kölidir. Deñizden 3016 metr beýiklikde, daglyk platoda ýerleşýär.
Kölüň uzynlygy 29 kilometre, ini 17 kilometrdir. Bu köl dag öri meýdanlary bilen örtülenligi üçin asyrlar boýy ýaýla hökmünde ulanylýar.
Koçkor, Naryn we At-Basy sebitlerinden gelýän çopanlar bu ýerde tomus aýlarynda goýun, sygyr we at sürüsini bakýarlar. Son köli beýiklikde orun alýandygy sebäpli bu sebitde howa şertleri sowuk bolýar.
Son köli özüne çekiji gözelligi bilen ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Ata münmek, dag we ýaýlada gezelenç etmek üçin adamlar bu ýerik gelýärler.
Köliñ töwereginde hiç dynç alyş ýerleri we ýaşaýyş jaýlary ýok. Syýahatçylar üçin ýörite keçeden çadyrlar dikilýär. Köliñ kenary we daglar at üstünde gezelenç edilýär.