
05 Mayıs 2021 01:04
Gyrgyzystanyñ demirgazygynda deñizden 1608 metr beýiklikde orun alýan Yssyk köli, hrustal arassa suwy, gyzgyn çägeli kenarlary, tebigaty we lezzetli balyklary bilen jahankeşdeleri özüne çekýär.
Köp rowaýatlarda gürrüñ berilýän we Çingiz Aýtmatowyñ romanlarynda geçýän Yssyk köli, Gyrgyzystanyň merjeni diýip kabul edilýär.
Yssyk köliñ demirgazygyny Küngöý Ala daglary günorta tarapyny bolsa Teskeý Ala Daglary gurşaýar.
Latin Amerikadaky Titikaka kölünden soñ dünýäniñ 2-nji iñ uly dag köli diýip bilinýär.
Yssyk köli adyny, gar bilen örtülen daglar bilen gurşalan hem bolsa, suwunyñ hiç haçan doñmaýşyndan alýar. “Ysyk” sözüniñ manysy Gyrgyz dilinde “gyzgyn” diýmekdir.
Yssyk-kölüň kenar ýakasy 988 kilometre barabar bolup, meýdany 6236 inedördül metr. Kölüň ortaça çuňlugy 278 metr, iň çuň ýeri bolsa 668 metrdir.
118-e golaý akarsuwlar Yssyk köle akýar. Yssyk köliñ töweregi şypahanalar we dynç alyş ýerleriniñ bolan turistiki merkezdir.