
29 Nisan 2021 23:36
Gyrgyzystanyñ paýtagty Bişkek- medeni we sport merkezi bolup, bu ýerde köp sanly teatrlar we döwlet muzeýleri, şeýle-de beýleki medeniýet merkezleri, iri sport desgalary, şol sanda köpsanly dürli maksatly ähmiýetli desgalar bardyr.
Bişkek, giň köçeleri, pyýada we welosiped ýollary we seýilgähleri bilen örän asuda bir şäher. Bir milliona golaý ilat sany bilen Bişkek, güýa çyzgyç bilen çyzylan ýaly tertipli. Bu şäher, Ala-Too meýdanynyñ töwereginde guruldy. Sowet arhitekturasynyň yzlaryny daşaýan bu ägirt uly meýdan, ýylyň dowamynda köp sanda festiwallara, medeni çärelere ýer eýeçiligi edýär.
Şäheriñ ýüreginiñ atýan bu meýdanda daşky görkiniñ ak bolmagy sebäpli Ak köşk diýip atlandyrylýan mejlis binasy we Taryh Muzeýi orun alýar.
Gyrgyz filarmoniýasy, Gyrgyz Döwlet Taryh Muzeýi, Bişkekiñ binagärlik, taryh we aýdym-saz sungaty taýdan hökman gezip görülmeli ýerleriñ başynda durýar.
Şäherdäki Panfilow seýilgähi, Erkindik şaýoly, Çaş Gwardiýa şaýoly, Atatürk seýilgähi we Botanika bagyna adamlar maşgalasy, çagalary we agtyklary bilen gelýärler.
Bişkekdäki iň köne seýilgähleriň biri bolan Oak seýilgähinde äpet dub agaçlary, açyk howa muzeýine meňzeýän taryhy ýadygärlikler we heýkeller bar. Bu ýerik gelenler seýilgähiñ tebigat gözelliginden we heýkeller kompozisiýasynyň sazlaşygyndan lezzet alarlar.
Şäher merkezine ýakyn bolan Ala-Arça milli seýilgähi, Konorçok kanýony we Ysyk-Ata seýilgähi tebigatyñ goýnunda gezelenje çykmak, dynç almak isleýänleriñ iñ köp saýlaýan ýerleri.
Bişkek bazarlary bilen meşhur bolan bir şäherdir. Oş bazary, Dordoý bazary we Orta saý bazarynda milli Gyrgyz egin-eşikleri, sowgatlyk zatlar, azyk önümler we miwe-gök-önümler satylýar.
Paýtagtyň häzirki zaman keşbiniň kemala getirilmeginde ýerleriň abadançylygyna we bag ekilişine aýratyn üns berilýär.