gyrgyzystany-pa-tagty-biskekde-19-njy-ma-ataturki-hatyralama-aslyk-we-sport

Gyrgyzystanyñ paýtagty Bişkekde 19-njy Maý Atatürki Hatyralama, Ýaşlyk we Sport baýramy bellendi.

Gyrgyz-Türk Anadoly Gyz Hünär Mektebi we Gyrgyz-Türk Anadoly orta mektebinde baýramçylyk çäresi gurnaldy.

19 Mayıs 2021 20:06

Gyrgyz-Türk Anadoly Gyz Hünär Mektebinde gurnalan baýramçylyk çäre bir minutlyk hormat dymyşlyk we iki döwletiñ döwlet senasynyñ ýañlanmagy bilen başlady. Çärede Türk dilinde şygyrlar okaldy, Türk-Gyrgyz milli halk oýunlary ýerine ýetirildi. Gyz okuwçylaryñ taýarlan Osman we Gyrgyz milli lybaslarynyñ moda görkezilişigi boldy.

Türkiýe Respublikasynyñ Gyrgyzystandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Sadyk dabarada eden çykyşynda dabara gatnaşyjylaryñ baýramyny gutlap başda Mustafa Kemal Atatürkiñ durmagynda Azatlyk söweşiniñ gahrymanlaryny hormat bilen hatyralaýandyklaryny aýtdy.

Ilçi Sadyk, “ 19-njy Maý, Türk milletiniñ ýesirligi kabul etmejekdigini yglan eden günüdir. 19-njy maý, Türk milletiniň garaşsyzlygyny näderejede eýe çykyp goraýandygyny görkezýän gündir. Türkiýe Respublikasy baky garaşsyz ýaşar”-diýdi.”

Türk Milleti üçin 19-njy maýyñ öwrülişik nokadydygyny belläp geçen Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Bişkekdäki wekili Atynç Keskin hem eden çykyşynda: “Şugün ýaşlarymyz bilen bilelkde baýramy ata ýurdumyz Gyrgyzystanda belledik. Bize şugüni sowgat eden Atatürki hormat we minnetdarlyk bilen hatyralaýarys. Milletimiziñ baýramy gutly bolsun”-diýdi.

Habarlar