
25 Haziran 2021 20:36
Süleýman dagy, Gyrgyzystanyñ günorta tarapynda, Týan şan we Pamir daglarynyñ arasyndaky Fergana jülgesinde 3000 ýyllyk taryhy bolan Oş şäheriniñ merkezinde orun alýar.
Dagyñ beýikligi 100-150 metr aralygynda, uzynlygy bolsa 1,5 km. deñizden 1140 metr beýiklikde orun alýar.
Ýerli halk arasynda Süleýman pygamberiň Oş şäherine baryp, ol ýerdäki beýik depä çykyp doga edendigi barada rowaýat edilýär.
Mukaddes kabul edilýän bu daga, “ Tahty Süleýman” ýada “ Süleýmanyñ mukaddes dagy” hem diýilýär. Beýik ýüpek ýolunyñ ugrunda orun almagy dagyñ ähmiýetini hasam köpeltdi.
Süleýman dagyndaky daşlar, çeşmeler we gowaklaryñ her biriniñ mukaddes bolandygyna ynanylýar. Her biri barasynda rowaýatlar bar. Dagda birbirine ýodajyklar bilen baglanýan 17 sany ybadat mekany bar. Gowaklardan damýan suwlaryñ hezreti Süleýman pygamberiñ gözýaşy bolandygyna ynanylýar. Gowaklaryñ diwarlarynda biziñ eramyzdan öñki asyrlara degişli bolan adam, haýwan şekilleri we geometrik şekilleriñ çekilen suratlara hem duş gelip bolýar.
ÝUNESKO-nyñ bütindünýä miras sanawynda orun alýan dag, ynanç syýahatçylygyñ merkezi bolup her möwsümde gezelenç edilýär.