
05 Mayıs 2021 01:08
Köneürgenç öz arhitektura, arheologiýa we taryhy ähmiýeti bilen belli bolup, häzirki döwürde ýadygärlikleri bilen bezelen çöllük meýdany emele getirýär. Köneürgenç topragynda Il-Arslanyň, Tekeşiň, Nejmeddin Kubranyň, Soltan Alynyň, Törebeg hanymyň, Pirýar weliniň kümmetlerini saklaýar. Bu gymmatly ýadygärlikler ajaýyp çeperçilik bezegiň nusgasydyr.
Köneürgenç şäheri, Beýik Ýüpek ýolunyň demirgazyk şahasynyň ugrunda ýerleşmek bilen, ylmyň ösen ojaklarynyň biri bolupdyr. Köneürgenç şäheri ýurtlaryň arasyndaky diňe bir ykdysady, söwda gatnaşyklary däl, eýsem, ylmy-medeni gatnaşyklary hem berkidipdir. Bu bolsa tutuş Horezmiň pajarlap ösmegine täsir edipdir.
Taryhy çeşmelerdäki maglumatlara görä, häzirki Köneürgenjiň ýerinde ýa-da golaýynda Urga (Urwa) şäheri ýerleşipdir. Bu şäher soñ “Gürgenç” diýlip atlandyrylypdyr. VII asyrda Horezmiň ykdysady we medeni ýagdaýy ösüp, ýokary derejä ýetýär. Gürgenç dünýäniň gözel şäherleriniň birine öwrülýär.
Aýratynam, Gürgenç şäheri 1097 — 1231 döwründe hasam gülläp ösüpdir. Bu ýerde görnükli alymlar Mahmyt Zamahşary, Muhammet ibn Umar al-Jagmini we başgalar ýaşapdyrlar.
XIII asyryň başlary Gürgenç şäheriniñ iň gülläp ösen döwri hasaplanýar.
Gürgenç şäheri 1221-nji ýyllardaky mongol çozuşlary zerarly harabaçylyga öwrülen bolsa-da, XIII asyryň ikinji ýarymyndan başlap, ýene-de öňki ýerinde täzeden dikeldilýär we öz çäklerini demirgazyk tarapa giňeldýär. Şondan soň Gürgenç ýene-de söwda, gurluşyk we medeniýet taýdan öz ösüşini dowam etdirýär. Gürgenç kerwen ýollarynyň ugrunda ýerleşýändigi üçin Gündogar Ýewropadan Mongoliýa, Hytaýa täjirler häli-şindi geçip durupdyrlar hem-de Horasan we Demirgazyk Eýran bilen söwda aragatnaşygyny saklapdyr. Hywa hany Abylgazy 1646-njy ýylda Täze Ürgenç şäherini gurdurýar we Horezmiň öňki paýtagty bolan Gürgenç şäheriniň ilatyny hem-de ondaky ähli baýlyklary şol şähere geçirdýär. Şondan soň bu şäher “Köneürgenç” diýlip atlandyrylýar.
Häzirki döwürde Köneürgenjiň taryhy geçmişi we onuň binagärlik arhitektura ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. 2005-nji ýylda Köneürgenjiň ýadygärlikler toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.