icangala-asyrlara-garamazdan-zamanamyza-gelip-etdi

Içangala, asyrlara garamazdan zamanamyza gelip ýetdi

Taryhy galada 2600 hojalyk taryh bilen utgaşykda ýaşaýar.

22 Mayıs 2021 18:33

Açyk howa muzeýine meñzeýän we tapawutly döwürlerde Gadymy ýüpek ýolunyñ ugrunda orun alýan syýasy we medeniýet merkezlerinden biri bolan Özbegistanyñ Hywa şäheri, deñi-taýy bolmaýan binagärlik gurluşugy we güýä şäheriñ içindäki bir içeri şäher bolma aýratynlygyna eýe bolan “ muzeý şäher” statusyna eýe bolan Içangalasyna hem ýer eýeçiligi edýär.

Hywada ilatyñ uly bölüminiñ ýaşaýan we zamanamyza diñe käbir bölekleri gelip ýeten iñ daşky diwarlarynyñ gurşaýan täze gurulan şähere “ Daşarky gala” diýilýär. Taryhda köp  sanda guralan hüjümlere garamazdan adamlaryñ ýaşaýan we diwarlar bilen gurşalan gadymy şähere bolsa "Içangala" (Içerki gala) diýlip atlandyrylýar.

Taryhy galada 2600 hojalyk taryh bilen utgaşykda ýaşaýar. Bu galada 54 sany taryhy binagärlik eserler we 360 ýaşaýyş jaýy orun alýar.

Taryhy gurluşyny ýitirmedik Içangalada, başga ýerlerden gelen adamlaryñ ornaşmagyna rugsat berilenok.

Hywanyñ turistiki merkezlerinden biri bolan Içangala beýikligi 8 metr we galyňlygy 5 metr diwarlar bilen gurşalan. Jemi 200 metr diwarlar bilen gurşalan we her tarapyndan köp sanda diñ we gapylar bolan Içangala, taryhda düşman hüjümlerine garşy iň soňky gala bolup hyzmat etdi.

Içangalanyñ daşary bilen baglanyşygy Bag derwezesi, Pehliwan derwezesi, Daş derwezesi, goşa derweze we Ata derwezesi bilen üpjün edilýär.

Habarlar