
27 Nisan 2021 20:11
Bahar we tomus paslyny salkyn ýaýlalarda gyş paslyny bolsa obalarda geçirýän çarwa durmuşy dowam etdirýän Kaşkaý Türkleriñ çeper elli zenanlary haly dokaýarlar. Kaşkaý zenanlary bu sungaty nesilden nesle geçirýärler.
Geran Tahiri kiçiliginden bäri haly dokaýandygyny nygtap “ okap ýazyp bilmesemem halylaryñ ýüzündäki nagyşlary özüm çyzýan we dokaýaryn. Halynyñ ýüpligini we boýaglaryny özüm taýarlaýaryn”-diydi.
Çarwa zenanlaryñ hemmesiniñ haly dokaýandygyny we Kaşkaý sungatynyñ dowam etmegi üçin bu hünäri çagalaryna hem öwredýändiklerini nygtan Tahiri gelin-gyzlarynyñ haly dokaýandygyny aýtdy.
Tahiri” bir haly 1-6 aý aralygynda dokalýar. Haly dokama sungaty çarwa durmuşy ýaşaýan zenanlaryñ hünäridir. Bu halyny dokanymda çagalar kiçidi. Halyny 6 aýda dokap gutardym. Halynyñ ýüzüne käkilik, arslan we at şekillerini dokadym. Agtyklaryma hem bu sungaty öwrederin”-diýdi.
Fatemeh Nadiri, haly dokamagy ejesi we enesinden öwrenendigini nygtap” taýpamyzyñ däp-dessurlaryny gorap saklamak üçin haly dokaýarys. Medeniýetimiziñ ýitip gitmegini islämzok. Bu sebäpdenem çagalarymyza we agtyklarymyza bu sungaty öwrederis. Namazlyk, kilim we haly dokaýarys. Bu gadymdan gelýän bir däpdir. Bize öwredýärler bizem olary durmuşa geçirýäris”-diýdi.