ko-tendag-dowlet-goraghanasy

Köýtendag döwlet goraghanasy

Köýtendag goraghanasy äpet Pamir-Alaý dag ulgamynyň Gissar gerşiniň bir şahasy bolan Köýten dagynyň günbatar eňňidinde ýerleşýär. Goraghananyň tutýan meýdany 27100 gektara barabardyr.

11 Haziran 2021 20:14

Goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady – Köýtendagyň we oňa golaý ýerleriň täsin tebigatyny goramakdan hem-de ekoulgamlaryny dikeltmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Şeýle hem onuň döredilmegi, juda seýrekligi üçin Tebigaty Goramagyň Halkara Birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilen burma şahly dag tekäni we beýleki jandarlary goramak zerurlygy bilen baglydyr.

Goraghana umumy meýdany 90 müň ga çemesi bolan üç sany Garlyk, Hojapil, Hojaburjybelent çäkli goraghanalary degişli.

Garlyk çäkli goraghanasy,  Köýtendagyň günorta ýapgydyny we Amyderýa çenli daglyk ýerleri öz içine alýar. Ol dünýä meşhur Garlyk gowaklar toparyny, melhem suwly Gaýnarbaba çeşmesini, kör balygyň ýaşaýan ýerasty kölüni, Sinjir, Ketteköl, Abdere, Bulakdere ýaly çuň we gözel jülgeleri goraýar.

Hojapil çäkli goraghanasy, Köýtendagyň goraghana girmedik demirgazyk bölegini, Köýten jülgesiniň ýokary guşaklygyny we Gowurdak pes daglygynyň demirgazyk-gündogaryny öz içine alýar. Ol takmynan 150 mln ýyl mundan öň ýaşan dinozawrlaryň aýak yzlaryny gözel deredäki “Kyrkgyz” gowagyny, şarlawukly Umbar deräni, Ketteköli, Aýgyr, Horjun ýaly karst kölleri, Köýten obasyndaky köp asyr ýaşan çynarlary hem arnap tokaýjygyny, Garadepäniň ýanyndaky pisse tokaýjygyny goraýar.

Hojaburjybelent tebigy çäkli goraghanasy, Köýten obasynyň demirgazyk – günbatarynda ýerleşip, Sakyrtmany, Hojaburjybelendi, Tahtadagy öz içini alýar. Bu ýerde meşhur pisse tokaýlygy we dagyň deňi-taýsyz owadan tebigy künjekleri goralýar.

Goraghanada haýwanlaryň sanyny we göçüşini anyklamak, ösümlikler barada maglumat toplamak, dag asty gowaklaryny we tebigatyň beýleki döreden täsinliklerini öwrenmek, ilatyň arasynda ekologiki bilim hem terbiýe bermek işleri geçirilýär. Toplanan ylmy maglumatlaryň netijeleri, kitaplarda, ýygyndylarda, gazet hem žurnal sahypalarynda çap edilýär.
 

Habarlar