krym-hany-dowlet-i-gira-hany-1571-nji-ylda-e-is-gazanan-moskwa-sowesi

Krym hany Döwlet I Giraý Hanyñ 1571-nji ýylda ýeñiş gazanan Moskwa söweşi

Osman Imperiýasy we Gündogar Ýewropada uly ses getiren Krym hany Döwlet Giraý hanyñ 1571-nji ýylda Moskwa guran sapary Krym Hanlygyñ Orslara garşy gazanan soñky uly ýenişi boldy.

11 Haziran 2021 20:13

Krym hanlygyñ esgerleriniñ edermenligi bilen gazanylan bu ýeñişde IV Iwan Moskwadan gaçdy we şäher doly weýran boldy. Söweşden soñ Döwlet Giraý hana gazanan üstünligi mynasybetli “Taht Algan” ady berildi.

Bu söweş dünýä we Rus sungatynda uly yz galdyrdy. Köp suratkeş bu söweşiñ suradyny çekdi. Çekilen şol suratlaryň arasynda iň meşhur bolany Ilýa Glazunowyň 1571-nji ýyldaky Moskwadaky ýangyny şekillendiren "Çozuş" surady.

Wladimir Doroniniň 2019-njy ýylda “Döwlet Geraý Han” adynda çeken suratlary hem möhüm eserleriñ arasynda orun alýar.

Habarlar