
11 Mayıs 2021 20:04
Döwlet adamy, şahyr, kompozitor, hat-ýazyjy, matematik we biolog bolan II Gazi Geraý han (1554-1607), Krym hanlaryndan Döwlet Geraýyñ ogly.
Medrese bilimi alan Geraý, gahrymanlygy bilen “Bora” ady bilen tanalýardy. Ol goşgularynda “Gazayi” we “Han Gazi” lakamlaryny ulandy.
Özdemirogly Osman Paşanyñ harby güýçleriniñ ýanynda Krym goşunynyñ serkerdesi bolup Türk-Eýran Söweşine (1578-81) gatnaşdy.
Osman soltanynyň haýyşy boýunça Russiýa, Wengriýa we Awstriýa saparlar gurady. Söweşlerde gazanan üstünligi mynasybetli soltan III. Murat oňa uly hormat goýýardy.
1580-nji ýylda Eýrana guralan saparda Eýranlylar tarapyndan ýesir alyndy. Osman Imperiýasyna garşy Eýrana goldaw bermekden ýüz öwürmegi sebäpli Alamut Galasyna tutsag edildi.
1585-nji ýylda tutsaklykdan gaçyp Erzurum şäherinde bolan Osman Paşanyñ ýanyna gelip onuñ bilen bilelikde ýañadan söweşlere gatnaşdy. 1588-nji ýylda II. Gazi Geraý Han lakamy bilen Krym Hany boldy we hanlygy 1608-nji ýyla çenli dolandyrdy.
1599-njy ýylda Osman goşuny bilen Estergon saparyna gatnaşdy. Jelali gozgalaňlaryny basyp ýatyrmaga gatnaşdy. II Gazi Geraý han, 1597-nji ýylda gurluşygyna başlanan Gazi Kirman Galasyny tamamlap Kryma gaýdyp gelýärkä 1608-nji ýylda gyrgyn keseline ýolugup dünýeden ötdi.
II Geraý hanyñ mazary Bahçesaraý şäherinde kakasy Döwlet Geraý hanyñ türbediniñ ýanyndaky Han Saraýy Metjdiniñ howlusyndaky türbetde. Emma gynansagam II Gazi Geraý hanyñ türbedi zamanamyza gelip ýetmedi.
II Gazi Geraý, “ Geraýi” lakamy bilen ýazan goşgulary bilen diwan şygryna täze mowzuklar gazandyrdy. Ol, gahrymanlyk, gaýduwsuzlyk barasynda ýazan goşgulary bilen meşhurdyr. Goşgularyny Türk, Arap we Pars dillerinde ýazdy. “Gül ü Bülbül” mesnewini Çagataý dialektde ýazdy.
Matematika we biologiýa boýunça ýokary bilimleri bolan Gazi Geraý Han, hat-ýazuwy we kompozisiýa ussatlygy bilen hem tanalyp döwrüniň aýdym-saz jemgyýeti tarapyndan "Tatar" lakamy bilen tanalýardy.
II Gazi Geraý dürli saz gurallaryny çalýar, kompozisiýalar ýazýardy. II Gazi Geraýyñ kompozisiýalary diñe Krymda däl, Türkiýe, Rumyniýa, Litwa we Polşa ýaly köp ýurtda ýerine ýetirilýär.