
21 Nisan 2021 00:09
79 ýaşynda baky uka giden Mariýa Aýtmatowa, Çingiz Aýtmatowyñ 2-nji aýalydy. Çingiz Aýtmatow 1-nji aýaly Kerez Şamşybaýewadan 1980-nji ýylda aýrylşandan soñ Mariýa Aýtmatowa bilen öýlendi. Olaryñ bir ogly we bir gyzy boldy. Ogly Eldar Aýtmatow Çingiz Aýtmatow Gaznasynyñ ýolbaşçylyk wezipesini ýerine ýetirýär. Gyzlary Şirin Aýtmatowa bolsa belli bir döwürde syýasat bilen meşgullandy we mejlisde deputat boldy.
Mariýa Aýtmatowa ýan ýoldaşy Çingiz Aýtmatow ýaly sungat adamydy. Moskwa Kinematografiýa institutyny tamamlady.