
16 Temmuz 2021 19:43
2021-nji ýylyň 16-njy iýulynda Daşkentde “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatda daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylarynyň dördünji mejlisi geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň işjeň meselelerini ara alyp masahatlaşdylar. Sebit we halkara düzümleriň çäklerinde özara hereketleriň netijeliligi bellenildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna we sebit howpsuzlygynyň meselelerine, hususan-da, Owganystandaky ýagdaýlara seretdiler.
Mejlisde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş etmek bilen, ol formatyň döwletleriniň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň netijeliligini belledi. Söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýokary ösüş depgini bellenildi.
Owgan meselesini maslahatlaşmagyň barşynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Owganystanda parahatçylygy dikeltmegiň Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly we düýpli ösüşiniň möhüm düzümleriniň biri bolup durýandygyny nygtady. Ol Owganystandaky ýagdaýlary bar bolan ähli mümkinçilikleri peýdalanmak arkaly düzgünleşdirmegiň ýollaryny gözlemegiň ähmiýetini belledi, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň öňe süren Owganystan baradaky başlangyçlarynyň çäklerinde özara gatnaşyklary güýçlendirmegi teklip etdi.
Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy dikeltmegi maksat edinýän bilelikdäki tagallalary ilerletmäge ähli ýardamlary bermäge mundan beýläk-de taýýardygy bellenildi.
Mejlisiň netijeleri boýunça daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler.