merkezi-azi-adan-anadola-cenli-uzan-an-turk-medeni-etini-gorkez-n-ga-alary-uz

Merkezi Aziýadan Anadola çenli uzanýan Türk medeniýetini görkezýän gaýalaryñ ýüzüne çyzylan suratlar albom bolar

Gyrgyzystan bilen Türkiýe arasynda” Altyn Köpri” diýip taryplanýan Gyrgyzystan- Türkiýe Manas Uniwersitetiñ açylyşynyñ 25 ýyllygy mynasybetli Merkezi Aziýadan Anadola çenli uzanýan Türk medeniýetini görkezýän gaýalaryñ ýüzüne çyzylan suratlarynyñ albomy taýarlanar.

21 Nisan 2021 22:26

Gyrgyzystan- Türkiýe Manas Uniwersitetiñ rektory Prof. Dr. Alparslan Jeýlan beren interwýusynda 25 ýyllyk bilim durmuşynda 100-den aşa gaýalaryñ ýüzüne çyzylan suratlaryñ üstünde iş alyp barandygyny nygtap Altaýlardan Anadola çenli gün ýüzüne çykarylan gaýa suratlarynyñ Türk taryhyny gaýtadan okamagyñ, täzeden ýazmagyñ möhümdigini görkezdi diýdi.

Merkezi Aziýadaky Türk taýpalarynyñ hazar deñziñ aşaky we ýokary tarapyndan “ demirgazyk ýoly” diýip taryplanýan şugünki Gruziýa topraklarynyñ üstünden geçip Anadola gelenlerinde däp-dessurlaryny, medeniýetlerini hem özleri bilen getirendiklerini nygtan Jeýlan bu sebäpdenem gaýalaryñ ýüzüne çyzylan suratlara Türk göçleriñ kesişýän nokady bolan gündogar Anadoly sebitinde köp duş gelnendigini aýtdy.

Jeýlan, Türk dünýäsiniñ ýañadan dikeldilmeginiñ möhimdigine ünsi çekip, şu ýyl uniwersitetiň  açylyşynyñ 25 ýyllygy mynasybetli bellige alynan gaýalaryñ ýüzüne çyzylan suratlarynyň albomyny taýýarlajakdyklaryny habar berdi.

Jeýlan, “ Gaýalaryñ ýüzüne  daş döwründen bäris uratlaryñ çyzylyp başlanandygyny bilýäris. Başda ýönekeýje  çekilen gaýalaryñ ýüzündäki suratlar, türk medeniýetine girenlerinden soň türk elementlerini öz içine alyp başlady. Türk nusgalaryny daşamaga başlady. Altaýlarda, Mongoliýadaky gaýalaryñ ýüzündäki nusgalary Eýran, Azerbaýjan, Gruziýa we Anadola çenli uzanýandygyny gördik. Altaýlarda we Merkezi Aziýadaky gaýalaryñ ýüzündäki awçy, keýik, at, it, düýe we kerwanlaryñ suratlaryny Anadoludaky gaýalaryñ ýüzünde hem görýäris”-diýdi.

Jeýlan gaýalaryñ ýüzündäki ähli maglumatlary we resminamalary belli bir ýere daşamagyñ mümkin bolmaýandygyny nygtap  "Gaýalaryñ ýüzüne çyzylan suratlar taryha goýulan möhürdir. Bu möhürleri goramak biziň borjumyzdyr. Bu biziñ geljek nesillerje galdyrjagymyz iň möhüm milli mirasdyr.  Muny ýaş nesillere öwretmek iň möhüm maksadymyz bolmaly”-diýdi.

Aziýadan ýewropa çenli uzanýan gadymy ýüpek ýolunyñ ugrynda orun alýan Gyrgyzystanda 10 müñden gowrak gaýalaryñ ýüzüne çekilen surat bar. Gyrgyz halky ÝUNESKO-nyñ bütindünýä medeni miras sanawynda orun alýan  ýüzüne suratlar çyzylan gaýalara “ nagyşly daş” manysyny añladýan “ Saýmaluu Daş” diýýärler.

Özgen şäheri, Talas, Batken, Yssyk köl sebitinde orun alýan ýüzüne suratlar çyzylan gaýalaryñ iñ köp bolan ýeri Gyrgyzystanyñ günorta sebitindäki Jelalabad şäherinden 120 kilometr uzaklykda we deñizden 3 müñ metr beýiklikdedir. Bu ýerler döwletiñ goragy astynda tutulýar.

Habarlar