
05 Haziran 2021 16:29
Merkezi Aziýa türk respublikalary bilen Yslam pikiriniň çäginde pikirleriň we geljegiň bitewiligine goşant goşmak üçin gurnalan simpoziuma Türkiýe, Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan, Türkmenistan, Tatarstan, Owganystan, Azerbaýjan we Yrakdaky ýokary okuw jaýlary we institutlar gatnaşdy.
Simpoziumda çykyş eden Karabük Uniwersitetiñ rektory Prof. Dr. Refik Polat, Anadola bilimiñ Merkezi Aziýadan gelendigini nygtap “ Köklerimiz ol ýerde. Simpoziumda bu baýlyklarymyzyñ hasam güýçlenmegini tama edýärin. Netijeli, bereketli, ylmy simpoziumyñ geçmegini arzuw edýärin” diýdi.
Gyrgyzystan Oş Döwlet uniwersitetiñ rektory Prof. Dr. Kudaýberdi Kojobekow eden çykyşynda Gyrgyzystan respublikasynyñ garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletiñ Türkiýe Respublikasy bolandygyny ýatladyp iki ýurduñ arasynda 30 ýylda ykdysady, sosial, medeni, dil, din we taryh pudaklarynda uly işleriñ amala aşyrylandygyny aýtdy.
Gazagystan Nur Mübarek uniwersitetiñ rektory Prof. Dr Daýrat Kurmanbaew eden çykyşynda Yslam dininiñ Türkistan diýaryna gelmeginiñ tutuş Türk halklarynyñ medeniýetiniñ ösmegine goşant goşandygyny, täze şäherler we medreseleriñ gurlandygyny we Yslam dünýäsine tanymal alymlar ýetişdirendigini gürrüñ berdi.
Kurmanbaew “Yslam medeniýeti bilen bagymyz gaty çuñdur we Türk-Yslam medeniýetiniñ bölünmez bir bölegidir. Bu simpozium doganlyk ýurtlaryñ arasyndaky baglary hasam pugtalandyrmagy, geljek nesile baý medeniýetimizi ýetirmek üçin uly ähmiýeti bar. Milli dini gymmatlyklarymyza eýe çykmak üçin asyrlar ozal ýaşap geçen alymlaryñ eserlerini gün ýüzüne çykarmalydyrys” -diýdi.
Azerbaýjan Ylahyýat Institutyñ rektory Prof. Dr. Agil Şirinow eden çykyşynda Azerbaýjanyñ Merkezi Aziýa we Osmanly-Türkiýe arasynda bir köpri wezipesini ýerine ýetirendigini nygtap Merkezi Aziýadaky şäherleriñ hemmesiniñ bilim ojagy bolandygyny we Yslam medeniýetiniñ döremeginde uly işler amala aşyrandygyny aýtdy.
Özbegistan Halkara Ymam Buhari Barlag Merkeziniñ müdüri Prof. Sowosil Ziýodow eden çykyşynda simpoziumyñ hemmeler üçin düşümli bolmagyny arzuw etdi.
Yslam medeniýetiñ Merkezi Aziýadan Anadola uzanýan ýolagçylygy, şäherler, alymlar we eserleriñ ara alynjak simpozium 3 günläp dowam eder.