
12 Mayıs 2021 14:10
Özbegistanyñ günbatarynda orun alýan Harezm sebitiniñ merjeni kabul edilýän Hywa şäherine gezmäge gelenler bir döwürler täjirleriñ, sungatşynaslaryñ we alymlaryñ gezen köçelerdäki taryhy gurluşygynyñ zamanamyza çenli goralyp saklanandygyna haýranlyk bilen şaýat bolýarlar.
Toprak we gyzyl reñkiñ häkim bolan bu gadymy şäher tapawutly durky we özüne mahsus binagärligi bilen ýurduñ beýleki şäherlerinden tapawutlanýar.
Geçmiş bilen içgin ýaşaýan bu ajap şäher, labyrint ýaly gurluşygy, daşdan ýasalan dar köçeleri bilen gezip ýörenleri taryhyň çuňlugyna uzyn bir syýahata çykarýar.
Şäher, algebra we algoritmiñ esaslandyryjysy hökmünde tanalýan we "0" belgisini tapan tanymal alym Al-Hwarezmi we astronomiýa, matematika we tebigy ylymlarynda eden işleri bilen tanymal bolan alym Al Biruniniň doglup ulalan ýerlerine ýer eýeçiligi etmegi bilen hem uly ähmiýete eýe.
Gadymy ýüpek ýolunuñ urundaky iñ gadymy şäherlerden biri bolan Hywa adyny, bir rowaýata görä taryhda ýolagçylaryñ bu ýerdäki bir guýuda suw tapmagy we suwy ilkinji içenlerinde “ Heý wah!” sözi bilen haýranlyklaryny dile getirmeginden alypdyr. Wagtyñ geçmegi bilen” Heý wah” ady “ Hywa” adyny alýar.
Taryhda köp sanda döwletiñ basyp almak üçin uly tagalla eden bu şäher, XVII asyrda Hywa hanlygyñ paýtagty boldy.
Açyk howa muzeýine diýip atlandyrylýan bu şähere gezmäge gelmek isleýänler paýtagt Daşkenden 1.5 sagatlyk uçar ýolagçylygy bilen ilki Ürgenç şäherine yz ýanyndan bolsa 45 minutlyk ulag syýahatçylygy bilen Hywa şäherine bararlar.