milli-gazak-saz-guraly-dombra

Milli Gazak saz guraly: Dombra

Dombra saz guraly, Gazak halkynyň ruhunyň we duýgusynyň terjimeçisi.

05 Mayıs 2021 01:06

Dombra, halkyñ ýaşaýyş durmuşynyñ tejribesini, tebigat, adam, dünýä hakyndaky maglumatlary, köne ynanç we däp-dessurlary, filosofiki garaýyşlary atadan ogla, nesilden-nesle geçiripdir.

Dombranyñ taryhy Gazak halkynyñ taryhy ýaly gadymyýete uzanýar. Dombra her döwürde  ussat bagşylar ýetişdirdi. Ady rowaýat bolan Ketbuga, Asan Kaýgy, Kart Nogaý ýaly ussat bagşylar saýasynda Dombrada iki bagşyçylyk ýoly döredi. Bu iki ýoluñ gurluşugy we çalma usuly birbirinden tapawutlanýar. Mysal üçin, Günbatar Gazagystan ýolunda sazlar çylşyrymly bolýar we taryhy wakalara esaslanýar. Gündogar Gazagystan ýolunda bolsa sazlar hereketli we duygur bolýar.

Halkyň gadymdan gelýän milli saz guraly bolan dombrany ösdürip, kämilleşdirip, ýokary derejä ýetiren sungat ussatlarynyň – sazandalaryň, bagşylaryň durmuş we döredijilik ýollary içgin öwredilip geljekki hünärmenlerde saz sungatyna söýgi, höwes döredilýär.Geçmişde ýaşap geçen görnükli saz ussatlarynyň, mukamçy kompozitor‑sazandalaryň gazak halkyna miras goýan ölmez‑ýitmez owazlary nesilden-nesle geçirilýär.

Habarlar