naharlary-sasy-besparmak

Naharlaryň şasy Beşparmak

Gyrgyz we gazak halkynyñ milli tagamy bolan bäş barmak, adyny wilka ýa-da çemçe bilen däl-de, el bilen iýilmeginden alýar.

29 Nisan 2021 10:45

Taýarlanyşy örän añsat bolan bu tagamyñ bişmesi bolsa gaty uzyn wagt alýar. Munuñ sebäbi bolsa bu naharda et örän  ýumşak bolmaly. Beşparmak naharyny taýarlamak üçin et, un aş we sogan gerek. Ilki bilen et pes oduñ üstünde birnäçe sagatlap gaýnadylýar. Yz ýanyndan etiñ gaýnaýan suwunyñ içine un aş we sogan goşulýar. Beşparmak naharynda kämahal at eti hem ulanylýar.

Beşparmak, naharlaryñ şasy diýip hasaplanýar. Öýe gelen myhmanlara iñ soñunda beşparmak nahary hödür edilýär. Naharyñ bişme wagty näçe köp dowam etse myhman şonça sagatlap myhmançylykda galýar. Myhmanlara uly ähmiýet berýän gyrgyzlar, myhmanlaryny uzak wagtlap kabul etmek üçin Beşparmak naharynyñ bişme wagtyny uzyn tutýar.

Naharyñ bişmegi bilen öý eýeleri we myhmanlar suprañ başyna oturýarlar. Elleriñ ýuwulmagy üçin legen bilen suw getirilýär we nobat bilen eller ýuwulýar. Soñ bolsa beşparmak nahary gelýär. Her kim öz tabagyna nahardan alýar we bäş barmagyny ulanyp nahary iýmäge başlaýar.

Habarlar