
28 Nisan 2021 00:56
Mukaddes ýerler taýdan Gazagystanyñ topraklarynyñ baýlygynyñ çägi ýok. Ol ýerleri zyýarat etmek, ata-babalaryny hormat bilen hatyralamak we olar üçin Gurhan okamak, doga dileg etmek Gazak halkynyñ şahsyýetinde bar.
Mukaddes ýerlerden biri bolan “ Bäş Ata” Öwliýalaryñ kümmeti Almaty sebitinde orun alýar. “Bäş Ata”, Gazagystanyñ iň meşhur bejeriş ýerleriniň biri hasaplanýar. Adamlar bu ýere içki-ruhy dünýäsine rahatlyk bermek, saglygyny gowulaşdyrmak we arzuwlarynyñ hasyl bolmagy üçin doga etmäge gelýärler.
“Bäş Ata” kümmetiñ 1-nji duralgasy Sarybaý Atanyñ kümmeti. Sarybaý Bi (1821-1890) adalatlylygy bütindünýä ýaýran, ömrüniň ahyryna çenli bu ada gara tegmil sürmän ýaşap geçen öwliýadyr.
“Bäş Ata” kümmetiniñ 2-nji duralgasy Kainazar Atanyñ kümmeti. Kainazar Ata ( 1850-1913) gaýduwsyz söwşeşçidi. Bäş atanyñ iñ kiçisi Sarybaý Biniñ sag goludy. Taryhy çeşmelere görä, şol döwürde ondan has batyr, güýçli we paýhasly adam ýokdy. Bu keramatly kümmete zyýarata gelenler Tañrydan güýç we kuwwat dileg edýärler.
“Bäş Ata” kümmetiniñ 3-nji duralgasy Süýinbaý Atanyñ kümmeti. Süýinbaý Aronuly (1815-1898) ömründe sansyz goşgy ýazan we ömrüni ýurduna bagyş eden beýik gazak şahyry we bagşysydyr. Kümmetiñ arhitekturasy özboluşly aýratynlyklary bilen ünsi özüne çekýär. Kümmetiñ içinde “Kybla” diýip atlandyrylýan we keramatly bolandygyna ynanylýan bir daş bar. Kümmetiñ goragçysynyň aýdyşyna görä, ellerini şol daşyň üstünde goýup doga edenler arzuwlarynyñ amala aşýandygyna çyn ýürekden ynanýarlar.
“Bäş Ata” kümmetiniñ 4-nji duralgasy Tuktybaý Atanyñ kümmeti. Bu beýik mawzoleý ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Tuktybaý Ata (1700-1781) öz döwrüniñ iñ güýçli tebibi bolupdyr. Tuktybaý Atanyñ kümmetine zyýarata gelenler saglyklary üçin Hudaýa doga edýärler. Tuktybaý Ata bu bejeriş güýjüniñ 13 ýaşynda berilendigi rowaýat edilýär. Taryhy çeşmelere görä, ol keselleri kowmak üçin gopuz saz guralyny çalardy. Gopuzyñ sesi çadyry gymyldatjak derejede güýçli bolupdyr. Bu gopuz Tuktybaý Atanyñ agtyklary tarapyndan köp ýyllap mukaddes hazyna hökmünde goralyp saklanypdyr.
“Bäş Ata” kümmetiniñ 5-nji duralgasy bolsa Gazak halkynyñ tanymal bagşylaryndan biri bolan we köp sanda goşgy we dessanlary gürrüñ berýän Žambyl Žabaýew Atanyñ kümmetidir. ( 1846-1945) Kümmet 1946-njy ýylda guruldy, 1970-nji we 1996-njy ýylda bolsa abatlaýyş işi edildi we ak mermer bilen gaplandy. Kümmetiñ töweregi Gazak nagyşlar bilen bezeldi.
Gazagystanyñ Almaty sebitinde orun alýan bu mukaddes ýerler Gazak halky üçin örän möhimdir. Halk ata-babalaryna doga etmegi we Gurhan okap olary ýatlamagy özleri üçin wezipe kabul edýär. “Bäş Ata” kümmeti, köp adam üçin arzuwlaryny we isleglerini amala aşyrmaga we ýagdaýlaryny gowulaşdyrmaga uly goşant goşýandygyna ylanylýan keramatly ýerdir.