samarkant-s-herini-i-esasy-adyg-rliklerinden-biri-bibi-hanym-metjidi

Samarkant şäheriniñ iň esasy ýadygärliklerinden biri: Bibi Hanym Metjidi

Samarkant şäheriniñ iñ esasy ýadygärliklerinden biri bolan Bibi Hanym metjidi, XV asyrda Yslam dünýäsindäki iñ uly metjitlerinden biridi.

29 Nisan 2021 23:56

Bibi Hanym metjidi, 1399-1405-nji ýyllarda Teýmir hanyñ buýrugy bilen aýaly Bibi hanym adyna guruldy. Teýmir hanyñ Hindistan saparyna çykmadan ozal metjidiñ gurluşygyna başlandy we sapardan gaýdyp geleninde tamamlandy.

Bibi Hanym metjidi şol döwrüň deñi-taýy bolmaýan täsin binalarynyñ biridir. Bu metjidiñ uly eýwany we içerde mermerden ýasalan bir gapysy, äpet howlusynyñ içinde dört eýwanly gurluşygy bar. Gümmeziň içerki tarapyna Gurhan aýatlary ýazylypdyr.

XX asryñ soñlaryndan zamanamyza çenli Bibi Hanym metjidi birnäçe gezek dikeldildi we munuň üçin ýurduň çar künjeginden ussat hünärmenler ugradyldy.

Habarlar