
05 Mayıs 2021 01:01
ÝUNESKO-nyñ adamzadyñ maddy däl medeni miras sanawynda orun alýan Azerbaýjanyñ halyçylyk sungaty, maddy taýdan hem uly gymmata eýe. Dünýäniñ çar künjegine eksport edilýän halylardan ep-esli girdeji alynýar. Bu halylary dünýäniñ abraýly muzeýlerinde hem görip bolýar. Londondaky Victoria we Albert Muzeýinde, Waşingtonda Metropolitan Muzeýine çenli dünýä ýurtlaryndaky köp muzeýde Azerbaýjan halylary sergilenýär.
Soñky döwürlerde halkyñ milli mirasynyň çuňňur öwrenilmegi, el haly işlerindäki gadymy gymmatlyklaryň aýawly saklanylmagy döwlet syýasatynyñ ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Döwletiñ hemaýasynda dokma senagaty möhüm pudaga öwrüldi. Müñlerçe adam bu pudakda işleýär.
Azerbaýjanda dünýäniñ ilkinji Haly Muzeýi açyldy. Paýtagt Bakuwdaky Haly Muzeýi, Azerbaýjanyñ halyçylyk sungatynyñ iñ gymmatly eserleri sergilenýär. Her gün onlarça jahankeşdäniñ gelýän muzeýde, Azerbaýjanyñ her sebitinden asyrlyk halylar sergilenýär.
Ene-mamalaryň yhlasyndan döräp, sungat derejesinde biziň günlerimize gelip ýeten gadymy halylar, nesiller üçin taryhy gymmatlyk, halyçylyk sungatynyň bolsa esasy binýady bolup durýar. Bu sebäpdenem Azerbaýjanda köp mekdepde halyçylyk sungaty barasynda sapaklar berilýär.
Azerbaýjanyñ dünýä meşhur bolan halylardan biri “Garabag Halysydyr. Bu halynyñ iñ esasy aýratynlygy reňklere baýlygy, Garabagyň tebigatynyň gözel görki we halynyñ uly bolşy. Garabag öýleriniñ uly bolmagy sebäpli köp inedördül metre barabar uly halylar dokalypdyr.
Azerbaýjan halylarynda esasan geometrik şekiller we nagyşlar bar. Azerbaýjanly halyçylar söýgüni, hasraty, yşky we taryhy wakalary halylara dokaýarlar.
Iň gymmatly maşgala däbi hökmünde bu örän inçe senediň syrlarynyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip gelinmegi netijesinde Azerbaýjanda elde dokalýan halyçylyk senedi täsin özboluşlylygyny saklap geldi. Häzirki zamanda hem ýurtda haly işleriniň ajaýyp ussatlarynyň nebereleriniň ençemesi bellidir. Olaryň arasynda zehinli ýaşlar hem az däl.