
04 Haziran 2021 20:16
Naryn şäheri, arassa howasy, lezzetli eti, At başy baly, Naryn derýasy, depeleri we syýahatçylyk mümkünçilikleri bilen daşary ýurtly syýahatçylaryñ ünsüni çekýär.
Derýanyñ kenarynda gurlan göm-gök şäher bolan Naryn, gündogarynda garly dag depeleri, demirgazygynda güneş we ýeliñ täsiri bilen dörän gyzyl depeleriñ arasynda dar bir jülgede orun alýar. Jülgäniñ edil ortasynda bolsa Gyrgyzystanyñ iñ uly we iñ uzyn derýasy bolan Naryn derýasy geçýär. Iki jülgäniñ arasynda orun alýandygy sebäpli bu şäherde 20 kilometr uzynlygynda ýeke täk ýol bar. Bu şähere “bir ýolly şäher” hem diýilýär. Ýoluñ ugrunda döwlet edaralary, meýdan, seýilgäh, metjid, muzeý, teatr, myhmanhana we toý mekanlary orun alýar.
Deñizden 2020 metr beýiklikde gurlan Naryn şäheri göm-gök ýaýlalary bilen adamlara asuda we salkyn tomus pasly hödürleýär. Adamlar bu şähere gyş paslynda lyžada typmak, tomus paslynda bolsa gezelenç etmek we dynç almak üçin gelýärler.