taryhy-we-tebigy-gozellikleri-bilen-azerba-jany-seki-s-heri

Taryhy we tebigy gözellikleri bilen Azerbaýjanyñ Şeki şäheri

TÜRKSOÝ tarapyndan 2016-njy ýyly Türk dünýäsiniñ medeniýet paýtagty diýip yglan edilen Azerbaýjanyñ Şeki şäheri taryhy we tebigy gözellikleri bilen özüne bendi edýär.

22 Mayıs 2021 18:35

Kawkaz daglarynyň eteginde tebigatyñ goýnundaky Şeki şäherinde taryhy asyrlara daýanýan köp sanda metjitler, köşkler, galalar, hammamlar ýaly taryhy ýadygärlikler orun alýar.

Taryhy we tebigy gözelliklerinden başga-da ýerli aksenti bilen ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän Şeki şäheriniñ özüne mahsus aşhanasy we sungat medeniýeti bar.

Şeki şäheri, paýtagt Bakuwdan 370 kilometr uzaklykda orun alýar. Taryhyň dowamynda  bu şäherde Araplar, Şirwanşalar, Ildenizler, Gürjüstan Patyşalygy, Safawidler we  Osman döwleti ýaly ençeme döwlet höküm sürüpdir.

1578-nji ýylda Lala Mustafa Paşa tarapyndan Osman Imperiýasyna goşuldy. Eýranyñ häkimiýeti astyna gireninden soñ 1745-nji ýylda Nedir şa öldürülenden soñ Hajy Çelebi tarapyndan Şeki Hanlygy guruldy ýöne bu hanlygyñ ömri uzak bolmady.

1805-nji ýylda Rus Imperiýasynyñ häkimiýeti astyna geçen bu hanlyk 1819-njy ýylda ýok bolýar. 1930-nji ýylda gurlan bu şäher 1968-nji ýyla çenli “ Nuha” diýip adlandyrylypdyr.

Şeki şäheri özüne mahsus öýleri, köçeleri we tebigaty bilen Azerbaýjanyñ iñ gadymy we turistiki sebitidir. Şekide taryhy asyrlara daýanýan köp sanda metjid, köşk, gala, hamam ýaly taryhy ýadygärliklere ýer eýeçiligi edýär.

Döwlet tarapyndan goralýan 84 sany taryhy ýagygärlikleriñ arasynda orun alýan Şeki han köşki özüne mahsus binagärlik aýratynlygy bilen ünsleri özüne çekýär. ÝUNESKO-nyñ Bütindünýä Medeni miras sanawynda orun alýan Şeki Han Köşki, Azerbaýjan orta asyr binagärliginiñ iñ esasy nusgasydyr.

Habarlar