
12 Kasım 2021 20:12
Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Halklar Edarasy tarapyndan berilen ýazmaça beýannamada, YTB-niñ 2011-nji ýyldan bäri Türk Geñeşiniñ agzasy bolan Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistanda bilim, ýaşlyk, aragatnaşyk, saglygy goraýyş, ykdysadyýet, kazyýet we medeniýet pudaklarda 60 çäre we taslamalar bilen bu ýurtlary öz içine alýan jemi 45 sany umumy taslamanyň durmuşa geçirilendigi bellendi.
Beýannamada, YTB-nyň Türk Geňeşine agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we umumy gymmatlyklary dikeltmek üçin ykdysadyýet, energiýa, transport, kazyýet, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, ýaşlar we diaspora ýaly pudaklarda möhüm taslamalary durmuşa geçirendigi mälim edildi.