
28 Mayıs 2021 21:50
Merkezi Aziýa binagärliginiň ajaýyp eseri diýip kabul edilýän Amir Temur kümmetiñ gurluşygyna 1403-nji ýylda başlandy we 1424-nji ýylda tamamlandy.
Bu kümmete ilki Teýmir hanyñ agtygy Muhammed Soltan jaýlanýar. Teýmir hanyñ bu ýerde jaýlanmagyndan soñ bu kümmete “ Gur-i Emir” diýilýär.
Gur-i Emir kümmeti, Samarkant şäherinde hökman görmeli ýerleriñ başynda orun alýar. Kümmetde Teýmir hanyñ, ogullarynyñ, agtyklarynyñ we mugallymynyñ mazary bar. Teýmir hanyñ mazarynyñ baş ujunda mugallymy Said Berekäniñ mazary beýleki taraplarynda bolsa ogullary we agtyklarynyñ mazarlary orun alýar. Gur-i Emir Toplumyñ içinde medrese we metjid hem bar. Bu ýerdäki mazar daşlary aýatlar bilen bezelipdir. Binalaryň daşky böleginde bolsa aýat we hadyslardan nusgalar orun alýar.