
30 Ekim 2021 00:51
Başlangyç bilimini Krymda alan Çobanzade, soňra Dini hoşniýetlilik jemgyýeti tarapyndan "Sultaniýe" (Galatasaraý orta mekdebi) ugradyldy.
Budapeşt uniwersitetinde doktorlyk biliminde türk, arap we wenger filologiýasy bilen gyzyklandy we ol ýerde türk dilinde neşir edilýän "Dogu" gazetiniň redaktory bolup işledi.
1918-1919 ýyllarda “ Krym”, “ Gök kitap” žurnallarynda we “ Dogu” gazetinde şygyrlar we Türkiýe, Russiýa, Krym we Merkezi Aziýa metbugatynda syýasy we ylmy makalalar ýazdy.
Türk ensiklopediýasynda "Çopan ogly", "Bekir Baýbek", "Bekir Jaýbek", "Bekir Ýaýbek", "Çopanyň ogly Bekir Sidgi" lakamy bilen makalalar ýazdy.
Kryma gaýdyp geleninden soň, "Krym Rewolýusiýa Komissiýasynyň" başlygy, Krymyň bilim komissary, "Tatar dili we edebiýaty" bölüminiň müdiri (1920-1922) we Krym uniwersitetiniň rektory bolup işledi.
Samet Aga Agamalyoglyñ çakylygy bilen Azerbaýjanda “Täze elipbiý komissiýasynyň" we "Täze türk elipbiýiniň umumy komitetiniň merkezi komitetiniň" başlygy wezipesine bellendi.
Merkezi Aziýada, Tatarstanda, Başkortostanda we Krymda latyn elipbiýine geçmegiň üstünde işledi we Tawrid (Krym), Bakuw, Daşkent, Fergana we Buhara uniwersitetlerinde Turkologiýanyň meseleleri barasynda ylmy-maslahatlar geçirdi.
Sowet Soýuzy döwründe ilkinji 'Türkologiýa maslahatyny guramakda işjeň işleýänleriň biri boldy. Moskwada seminarlar gurnady.
Azerbaýjanda Baş Bilim Guramasynyñ terminologiýa toparyna ýolbaşçylyk etdi, Azerbaýjan Döwlet Uniwersitetiniň Gündogar öwreniş fakultetiniň müdiri we dekany bolup işledi.
Bekir Çobanzade Sowet Soýuzynda ýaşaýan türk halklarynyň edebiýaty we dil taryhynyň emele gelmegi boýunça tapawutly ylmy işler ýöretdi. "Türk diliniň usulyýeti" (1932), "Ylmy grammatikanyň esaslary "(1932) kitaplaryny kärdeşleri bilen bilelikde ýazdy.
Onuñ ilkinji goşgular ýygyndysy 1971-nji ýylda özbek dilinde neşir edildi.
Çobanzade 1937-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda aýaly bilen Russiýanyň Kislowodsk şäherine giden şypahanada dynç alýarka tussag edildi. Ilki Pýatigork türmesine soñ bolsa Azerbaýjan Sowet Respublikasynyň Içeri işler Halk komissarlygynyň karantin otagyna äkidildi.
15 minutlyk kazyýet diňlenişiginden soň, professor Bekir Çobanzade 12-nji oktýabrda ölüm jezasyna höküm edildi we 13-nji oktýabrda öldürüldi.
Bekir Çobanzadeniň jaýlanan ýeri henizem bilinenok.