
11 Haziran 2021 20:13
Týan-Şan dagynyñ depesinde orun alýan Saýmaly daş, Türk taryhynyñ iñ gadymy yzlaryny daşaýan bir ýer bolupdyr. Türkler bu dagyñ depesine çykyp Tañra gurban berip, gaýalara surat çekmeleri türk taryhynyň örän gadymy we çuňňur siwilizasiýa esaslanandygyny görkezýär.
Deñiz derejesinden ortaça 3500 metr belentlikde orun alýan Saýmaly daş sebitinde gaýalyklardan ybarat bolan sungat ýygyndysy bar. Bu sebitde häzirki wagta çenli edilen gazuw-agtaryş we gözleg işlerinde 10 müñ gaýanyñ ýüzünde 100 müñ suratyñ çekilendigi anyklandy. Bu suratlaryň haçan we nädip çekilendigi entek anyk belli däl ýöne bu suratlaryñ biziñ eramyzdan öñ 5000-nji bilen biziñ eramyzda 1000-nji ýyllar aralygynda çekilendigi öňe sürülýär.
Daşlaryň ýerleşýän ýeriñ howa şertleri sebäpli bu suratlar çekilen ilkinji günündäkisi ýaly galdy. Taryhyñ bu gadymy sebitine diñe ýylyñ awgust aýynda gidip bolýar. Galan wagtlarda bolsa gar ýagyşy sebäpli bu sebite gitmek mümkin bolanok. Gaýalaryñ ýüzünde at, keýik, gurt, adam we aw sahnalary bilen üýtgeşik suratlar çekilipdir. Bu şekiller bize surady çeken adamlaryň medeniýetleri, ýaşaýyş durmuşy we hyýallary barasynda gymmatly maglumatlary berýär.