
28 Kasım 2021 22:05
Kümmed, Krym Hanlygyny esaslandyryjy I Hajy Geraý Hanyñ 1466-njy ýylda dünýeden öteninden soň, ogly I Meñli Geraý Han tarapyndan 1502-nji ýylda guruldy.
Kümmediñ jaýlanyş otagy 2008-2009-njy ýyllar aralygynda ilkinji gezek açyldy we ol ýerde 18 sany mazar gün ýüzüne çykaryldy. Bu ýerde jaýlanan Krym hanlygyñ esaslandyryjysy I Hajy Geraý Hanyñ, ogly I Meñli Geraý hanyñ we onuñ ogly I Sahib Geraý hanyñ we hökümdar maşgalasynyñ zenan we çagalarynyñ mazarlary orun alýar.
Öwlüýa Çelebi Salaçykda birnäçe kümmediñ bolandygyny eserlerinde gürrüñ berýär. Ýöne bu sebitde zamanamyza diñe I Hajy Geraý hanyñ kümmeti gelip ýetdi.
Sowýet Soýuzy döwründe kümmed mal ýatagy we ammar hökmünde ulanylypdyr. I Hajy Geraý Han kümmedi Zinjirli Medresi bilen bilelikde 2007-2009-njy ýyllar aralygynda Türkiýe Respublikasy tarapyndan abatlandy.
Bu görnüşde gurdurylan kümmetlere Merkezi Aziýada XII asyrdan başlap görülýär. Sanlary az hem bolsa Anadoluda hem bu görnüşde ýasalan kümmedlere gabat gelip bolýar.