
24 Temmuz 2021 20:22
Dergähiñ XV ýada XVI asyrda gurlandygy çaklanýar. Dergähe; Juma metjidi, Eziz Baba Mewlewi Dergähi hem diýilýär.
XVII asryñ ikinji ýarymynda Kezlew şäherine gelen Öwliýa Çelebi bu ýerde üç sany dergähiñ bolandygyny, Halweti we Jelweti dini jemgyýetlerine degişli bolan bu dergähleriñ iñ abat galany Küleçli Ahmed Ependiniñ dergähi bolandygyny eserinde belläp geçdi.
Osman sungat taryhçysy Baha Tanman dergähiñ guruluş aýratynlyklary taýdan bir Halweti dergähi bolandygyny çaklaýar.
Dergähde edilen gazuw-agtaryş işlerinde Şahin Geraý hanyñ döwrüne degişli bolan 1781 senenamaly bir zikke, Rus şagyzy Ýelizaweta Petrowna döwrüne degişli bolan we 1757-1762 senemamaly bir ors zikkesi gün ýüzüne çykaryldy.
Sowýet Soýuzy döwründe din işleriñ gadagan edilmegi sebäpli ýapylan dergäh, Sowýet goşunyñ ambary bolup ulanyldy.