
18 Mayıs 2021 22:58
Metjidiň täç gapysyndaky ýazgyda binanyň 1314-1315-nji ýyllarda gurlandygy ýazylýar. Krymyñ 1783-nji ýylda Russiýanyñ häkimiýeti astyna girmeginden soñ Özbek Han metjidi köp ýyllap öz ykbalyna taşlandy, weýran edildi.
1864-nji ýylda Sudagyň Koz obasyna haýyr-sahawat edenleriň biri metjidi abatlady.
Metjid, Sowýet Soýuzy döwründe bolsa, taryhy eser hökmünde tassyklandy. 1932-nji ýylda ybadata ýapyldy we taryhy ýazgylaryň saklanýan ýere öwrüldi.
1944-nji ýylda bolsa Krym tatarlary watanyndan sürgün edilenden soň, ammara öwrüldi. 1970-nji we 1980-nji ýyllarda abatlanan metjit 1990-njy ýyllaryň başynda watanyna gaýdyp gelen Krym tatarlary tarapyndan yzyna alynyp çäkli mümkünçilikler bilen ýañadan ybadata açyldy.
Özbek Han metjidi Altyn Orda döwletinden miras galan we ybadat üçin ulanylýan ýeke-täk metjitdir.
2014-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Ukrainanyň Milli banky " Özbek Han metjidi we Medrese 700 ýaşynda" adynda ýadygärlik teňňeleri çykardy.