
28 Nisan 2021 17:09
Türkiýe Respublikasynyñ Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berilen beýannamada, Prezident Rejep Taýýip Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkmenistanyñ Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç bildirdi hem-de Türk halkynyň adyndan medet beriji we ýürekden duýgudaşlyk sözlerini aýtdy.
Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýýip Erdogana gynanjy hem-de duýgudaşlyk sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, dost-doganlyk, birek-birege hormat goýmak hem-de goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini nygtady.