turkistanda-merkezi-azi-a-yslam-binag-rligini-aja-yp-eserleri-erles-r

Türkistanda, Merkezi Aziýa Yslam binagärliginiň ajaýyp eserleri ýerleşýär.

Gazagystanyñ günorta tarapynda orun alýan Türkistan sebiti, Hoja Ahmet Ýasawy kümmeti ýaly deñi- taýy bolmaýan eserlere ýer eýeçiligi edýär.

11 Mayıs 2021 20:05

2021-nji ýylyñ 31-nji martynda Türk Geñeşiniñ liderleriniñ resmi bolmaýan sammitinde Türkistan şäheri, Türk Dünýäsiniñ ruhy paýtagty yglan edildi. Bu gadymy şäher 2 müñ ýyllyk taryhy bilen ünsi özüne çekýär.

Hoja Ahmet Ýasawy kümmeti, Arslan Baba kümmeti we gadymy Otrar şäherine ýer eýeçiligi edýän Türkistana her ýyl köp sanda ýerli we daşary ýurtly syýahatçy gezmäge gelýär.

Türk Dünýäsiniñ ruhy lideri Hoja Ahmet Ýasawynyñ kümmeti, Orta asyr binagärliginiñ iñ esasy nusgalaryndan biri hökmünde kabul edilýär. 1389-nji ýylda Emir Teýmir tarapyndan hiç çüý ulanylman gurulan Merkezi Aziýanyñ kerpiçden ýasalan iñ uly gümmezine eýe bolan kümmet iki gatdan we 35 otagdan emele gelýär.

Kümmetiñ girişinde 2 metr 45 santimetr ininde we 2 tonna agyrlygynda bürünçden bir gazan orun alýar. “Taýkazan” diýip atlandyrylýan bu gazanyñ döwründe juma namazyndan soñ adamlara şypaly suw paýlamak üçin ulanylandygy nygtalýar.

Hoja Ahmet Ýasawynyñ mazar otagy kümmete girişiñ demirgazyk tarapynda orun alýar onuñ edil çep tarapynda bolsa bir metjid bar. Bu metjitde Hoja Ahmet Ýasawynyñ okuwçylary bilen namaz okandygy gürrüñ berilýär.

Kümmetiñ daşky bölümünde bolsa Hoja Ahmet Ýasawynyñ 63 ýaşyndan soñ Hz. Muhammetden has köp güneşi görmäge mynasyp bolmadygy düşünip ýaşap geçen ýerasty jaýy bar. Takmynan 4 metr çuñlukda we 18 otagly ýerasty öýdäki “Hyluet” metjitde Hoja Ahmet Ýasawynyñ “ Diwan-y Hikmet” eserini ýazandygy bilinýär.

Hoja Ahmet Ýasawy kümmeti, 2002-nji ýylda Gazagystanyñ ÝUNESKO-nyñ bütindünýä mirasynyñ sanawyna girizen ilkinji eseri boldy.

 

Habarlar