turkmen-zerg-rcilik-sungaty

Türkmen zergärçilik sungaty

Türkmen halkynyň kämil derejä ösüp ýeten halk senetçiliginiň biri-de zergärçilik sungatydyr. Zergärçilik birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda ösüp, inçe sungat derejesine çenli kämilleşipdir.

17 Temmuz 2021 23:30

Türkmen zergärçilik sungatynda aýal-gyzlaryň şaý-sepleri esasy orny eýeleýär. Türkmen aýal-gyzlarynyň şaý-sepleri özüniň gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Türkmen ussalary beýleki halklaryňka meňzemeýän ajaýyp şaý-sepleri ýasamagy başarypdyrlar.

Türkmen halkynyñ milli buýsanjy bolan zergärçilik sungaty çeperçilik taýdan hem-de nepisligi, dürli-dürli görnüşliligi bilen tapawutlanýar. Kalplara mähir çaýýan şaý-sepler gelin-gyzlaryň eý görýän zynatlarynyň biridir. Türkmen gelin-gyzlaryny şaý-sepsiz göz öňüne getirip bolmaýar.
Türkmeniň zergärçilik sungatynyň özboluşly milli aýratynlygy bar. Türkmen zergärleriniň ýasaýan şaý-sepleri çeperçilik taýdan tapawutlanýar. Olaryň ýasalyşynda, nagyşlarynda halkyñ geçmiş taryhy, paýhasy, milli aýratynlygy, ruhy dünýäsi we döredijilik ukyby öz beýanyny tapýar.

Ussat zergärleriň ýerine ýetiren işleri, asylly hünäri, biziň günlerimize gelip ýetdi. Milli şaý-sepleriñ görnüşleri örän kändir. Olaryň ähliside gözelligi bilen haýrana goýýar.

Habarlar