turkmenistan-covid-19-sanjymyny-hokmany-etdi

Türkmenistan COVID-19 sanjymyny hökmany etdi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 18 ýaşdan ýokary raýatlardan hökmany COVID-19 sanjymy bolmalary üçin çagyryş berýär.

08 Temmuz 2021 08:20

Ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan berilen beýannamada ýurt boýunça zerur bolan sanjym gorlarynyň üpjün edilendigini habar berdi.

Ministrligiň maglumatyna görä, 18 ýaşyny doldurmadyk raýatlardan, göwreli aýallardan, çaga emdirýän enelerden we başga çylşyrymly saglyk ýagdaýy bolmadyk raýatlardan daşgary ähli ýaşaýjylardan COVID-19 keseline garşy sanjym bolmalaryny  duýdurýar.

Türkmenistan şu wagta çenli öz çäginde resmi taýdan hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almady, ýöne pandemiýanyň dowamynda hökmany agyz-burun örtügi dakmak, köpçülik ýerde aralygy 2 metr saklamak ýaly keseliň öňüni alyş çärelerini durmuşa geçirdi.

Habarlar