
23 Nisan 2021 15:52
23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy mynasybetli Türkmenistanda gurnalan baýramçylyk çäresi döwlet senalarynyñ ýañlanmagy bilen başlady. Yz ýanyndan bolsa türkmen we türk çagalary bilelikde “Atatürk Çocukları” atly aýdymy ýerine ýetirdiler.
Çagalaryñ ýerine ýetiren goşgy aýdymlarda bütindünýäde parahatçylygyñ we adadançylygyñ höküm sürmegi arzuw edildi.
Türkiýe Respublikasynyñ Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral 23-nji aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy mynasybetli mugallym we çagalary kabul etdi. Ilçiniñ ýerinde oturan çagalar Togal Oraldan mekdepleriniñ durkunyñ täzelenmegini we bir sport zalynyñ gurulmagyny islediler.
Çagalara sowgatlar beren ilçi Togan Oral 23-nji aprel Milli Häkimiyet we Çagalar baýramy we Türkiýe Beýik Millet Mejlisiniñ döredilen gününiñ 101 ýyllygy bilen gutlady.