turkmenistandaky-gutlug-timury-minarasy

Türkmenistandaky Gutlug Timuryň Minarasy

Gadymy Köneürgenç şäherinde orun alýan Gutlug Timuryñ Minarasy, XIV asyryň binagärliginiñ adaty bolmadyk ýokary ussatlygynyň ajaýyp şaýadydyr.

02 Temmuz 2021 19:48

Dünýäde Delidäki Kutub minaradan soňra ikinji ýerde durýan bu minaranyň uzynlygy 60 metre barabardyr. 7 metr belentlikden girelgesi bolup, 145 sany töwerekleýin basgançak bilen ýokary gupbanyň aşagyna çykylýar.

Minarada kerpiç örüminden edilen ýazgy bu desgany Altyn Ordanyň Horezm welaýatynyň hökümdary Gutluk Timuryň we Altyn Ordanyň soltany Özbek hanyň atlary bilen baglanyşdyrýar. Minaranyň 1930-njy ýylda prof. A.Ý. Ýakubowskiý tarapyndan okalan kufa stilinde ýazylan ýazgysynda şeýle diýilýär: “Iki dünýäniň şalaryndan iň bagtly patyşa, Allah onuň rehimdarlygyna keremdarlyk etdi we oňa hakykatyň işigini açdy hem-de ol kuwwatly patyşa araplaryň we arap dälleriň penakäri, älem-jahanyň we diniň şöhlesi, yslamyň we musulmanlaryň beýigi Gutlug Temur, Nejim-ed-deul-un-diniň ogly, Allah yslamyň ýeňşini, arasynda… we kuwwatly soltan Özbek hanyň häkimiýeti günlerinde bu jaýyň gurluşygyny uzaltsyn, Allah onuň patyşalygyny uzaltsyn”.

Ýazgynyň teksti minaranyň bina edilen wagtynyň takyk çäklerini 1320-1330-njy ýyllar diýip bellemäge mümkinçilik berýär.

Minaranyň depesinde agaç pürsleriň öýjükleri saklanypdyr, onuň üstünde bir wagtlar hemme taraplary açyk bassyrmajyk bolan eken, ol bolsa dekoratiw karniz bilen tamamlanypdyr. Şol bassyrmajykda durup, azançy adamlary namaza gelmäge çagyrmak bilen azan aýdýar eken. Minaranyň üstüne çykmak üçin, içerki aýlawly merdiwan bolup, onuň 145 basgançagy bolupdyr. Onuň basgançaklary işigiň ýanyndan ýeriň derejesinden 7 metr töweregi belentlikden başlanýar.

Minaranyň göwresinde kerpiçlere nagyş salnan 18 sany dürli inlilikdäki bogun-bogun halkalary bolupdyr. Halkalaryň üçüsi birwagtlar zaýalanypdyr.Ýerden 7 metr belentlikde ýene-de bir hatar kufi hatly ýazgy bar. Olarda Kuranyň ikinji süresiniň 252-nji aýatynyň, ýagny “Aýatu-l-kürsiniň” sözleri bar.

Orta Aziýada iň belent bolan bu minara diňe bir weýran ediji uruşlary başdan geçirmän, eýsem ýer titremegi bilen bagly tebigy betbagtçylyklary hem başdan geçiripdir. Ol XIV asyryň gurluşykçylarynyň we mimarlarynyň Ürgenç mekdebiniň adaty bolmadyk ýokary ussatlygynyň ajaýyp şaýadydyr.

Habarlar