turkmenistany-awaza-milli-sy-ahatcylyk-zolagy

Türkmenistanyñ “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda häzirki zaman dynç alyş we syýahatçylyk infrastrukturasyny kemala getirmek maksady bilen 2007-nji ýylyñ 21-nji iýulynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky karary kabul etdi we bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berdi.

20 Nisan 2021 22:24

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, şu günki günde dünýä ülňülerine gabat gelýän, ajaýyp, içki amatlyklary ýokarlandyrylan myhmanhanalar, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, we kottežler toplumy bilen halka hyzmat berýär.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň uzakmöhletleýin maksatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan Hazar deňziniň kenar ýakasynda dünýä derejesindäki şypahanalar toplumynyň döredilmegi ýurduň ägirt uly tebigy we ykdysady potensialyny durmuşa geçirmäge, şol sanda uly möçberde daşary ýurt maýa goýumlary ýurduň ykdysadyýetine çekmäge ýardam berýär.

“Awaza” dynç alyş zolagynyň işläp başlamagy bilen awtomobil, demirýol, howa we deňiz ulaglarynyň täze ugurlary işläp başlady. Dünýäniň çar tarapyndan myhmanlaryň müňlerçesi Türkmenistany görmäge gelýärler, Myhmanlardyr syýahatçylar türkmen topragynyň taryhy ýadygärlikleri, täsin künjekleri bilen hem içgin tanyşýarlar.

Ýyl-ýyldan bu halkara derejeli döwrebap deňiz kurortynyň infrastrukturasyny täze-täze desgalar doldurýar. Ýokary derejeli myhmanhanalar, çagalar sagaldyş merkezleri, kottež şäherçeleri, sagaldyş we dynç alyş merkezleri myhmanlaryň hyzmatynda. Dynç alyş we göwün açyş industriýasynyň – akwaparklaryň, ýaht we sport klublaryň, restoranlaryň, kempingleriň, dürli görnüşdäki attraksionlaryň we söwda merkezleriniň gurluşygyna aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda ýedi kilometrlik emeli derýa kurortyň bütin meýdanyny kesip geçýär.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy,  Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir nyşanyna öwrüldi.

Mundan başga-da, Awaza ýokary derejeli duşuşyklaryň, halkara forumlaryň we döredijilik festiwallaryň geçirilýän iri işewür, medeni we sport merkezine öwrüldi.

Habarlar