
25 Haziran 2021 20:38
Taryhy maglumatlara görä bu şäheriñ b.e.ö. VI-IV asyrlarda Persler döwründe gurlandygy çaklanylýar. Orta asyr yslamçeşmelerinde bu şäheriñ döremegi gündogaryñ tanymal mifiki şasy Afrasiab, Keýkowus, ve Zülkarneýn bilen baglanylyşdyrylýar
Taryhda Sarahs şäheri ylym merkezleriň biri bolupdyr. Bu gadymy şäherde alymlar we akyldarlar kemala gelip, gündogar ylmyny we medeniýetini ýokary derejelere göteripdirler. Sarahs hem-de onuň töwerekleri meşhur akyldar alymlaryň, şahyrlaryň, sungat ussatlarynyň watany bolupdyr. Sarahsly alymlar we şahyrlar öz eserleri bilen Sarahsyň ylmynyň, edebiýatynyň, sungatynyň at-owazasyny belende göteripdirler. Mysal üçin dana alym Ibnü’t-Taýýib es-Serahsi, yslam alymlaryndan Ahmed es-Serahsi, Lokman-ı Serahsi, Abdyrahman ibn Muhammet Sarahsini görkezme bolar.
XI–XII asyrlarda Beýik Seljuk türkmen döwletiniň düzümine gireninden soň, Sarahsyň ösüşleri has-da rowaçlanýar. Şäheriň gülläp ösen döwri VII–XIII asyrlardyr. Onda köp sanly guýular, uly howluly binalar, kerwensaraýlar bolupdyr. Sarahsda gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan tapyndylaryň içinde keramiki suw geçirijileriň bölekleriniň birnäçesiniň üstünden baryldy. Bu tapyndylar şäheri keramiki suw geçirijiler arkaly suw bilen üpjün edipdir diýip çaklamaga esas döredýär. Ussalar nepis bejerilen dürli aýna, demir we külalçylyk önümlerini ýasamaklykda örän ussat bolupdyrlar.
Bu şäheri kesip geçen ýol bolsa ýende-de üç uly şähere barýar eken. Ýollaryñ ilkinjisi Nişapur, ikinjisi Herat, üçünjisi bolsa Nusaýa barypdyr. şeýdip bu söwda ýollaryny özünde jemlän Beýik Ýüpek ýoly Aziýa bilen Ýewropa ýurtlarynyñ arasyndaky ykdysady, diplomatiki gatnaşyklaryñ berkemegine hem-de türkmenleriñ maddy we ruhy medeniýetiniñ kämil ösüşlerine giñ ýol açypdyr.
Sarahs şäheri dürli duşman çozuşlaryna sezewar bolandygy we binalar kerpiçden ýasalandygy üçin binagärlik sungatynyñ ajaýyp nusgalaryndan diñe Sarahs galasynyñ harabalyklary we Sarahs babanyň mawzoleýi” diýlip atlandyrylan Abul Fazlyň kümmeti biziñ günümize gelip ýetdi