turkmenistany-garassyzlyk-binasy

Türkmenistanyñ Garaşsyzlyk Binasy

Garaşsyzlyk Binasy, 2001-nji ýylda ýurduñ şanly garaşsyzlygynyñ 10 ýyllygyna bagyşlanyp guruldy.

30 Nisan 2021 01:30

Türkmen milliligine mahsus binagärlik desgalary, ýurduň taryhy ýadygärlikleri jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär.

Ýurduñ taryhy mirasyndan we medeni gymmatlyklardan ylham alyp gurlan Garaşsyzlyk binasy ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ýygy-ýygydan gelýän ýerlerinden biridir.

Türkmeniñ ak öýi we Türkmen gelin-gyzlarynyñ başyna geýýän gupbasy, Garaşsyzlyk binasynyñ aşaky bölegine ylham boldy.

Ýurduñ demirgazyk-gündogaryndaky Daşoguz welaýatynda gün ýüzüne çykarylan orta asyr harabalyklary möhüm gymmatlyklaryň biridir.  Binanyñ ýokarky bölegi bolsa bu harabalyklardaky taryhy Kutlug Timur minarasyny ýada salýar.

Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniñ döwlet muzeýiniñ “ Garaşsyzlyk” şahamçasy, ýurduñ Garaşsyzlygynyñ 10 ýyllygyna bagyşlanyp salnan bu  binada ýerleşýär. Bu muzeýiñ ekspozisiýasy iki gatdan ybarat. 1-nji gatda Türkmenistan Garaşsyzlygyny alaly bäri ýurduñ ösüşi barada we şu güne çenli ýurduñ ykdysady we syýasy gatnaşyklary şeyle-de ýurduñ welaýatlary barada maglumat berilýär.

2-nji gatda Türkmenistanyñ taryhy beýan edilýär. Bu ýerde taryhy şahsyýetler barada giñişleýin maglumat berilýär. Ýörite kartalaryñ kömegi bilen türkmenleriñ döreden dürli döwletleri, olaryñ geografik ýerleşişi barada gürrüñ berilýär. Şeyle-de türkmen klassik edebiýaty uly orun tutýar. Muzeýde gadymy we häzirki zaman şaý-sepler şeyle-de gadymy altyn we kümüş teññeler sergilenýär.

Garaşsyzlyk binanyñ öňünde taryhda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriñ heýkelleri ýerleşýär. Desganyň aşaky bölegi türkmeniň ak öýüniň görnüşinde gurlup, ondan ýokarlygyna uzalyp gidýär.

Habarlar